«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebitleýin hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
Çäre suw howdanynyň özboluşly tebigy gurşawyny goramak boýunça derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli ugurdaky hünärmenleri, ekologlary, bilermenleri we halkara düzümleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
Ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag haty okaldy. Gutlagy Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow okady.
Maslahatyň geçirilmegi Hazaryň biodürlüligini goramak, deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak we howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm ähmiýete eýedir.