Brýusselde Türkmenistan bilen Benilýuks Bileleşiginiň arasynda gepleşikler geçirildi
13 Awgust 2026
Brýusselde Türkmenistan bilen Benilýuks Bileleşiginiň arasynda gepleşikler geçirildi

Brýusselde Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow bilen Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary Ariadna Petridisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Benilýuks ýurtlarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky okgunly ösýän syýasy we ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy artyp barýan resmi duşuşyklary we ýokary derejedäki saparlary aňsatlaşdyrmak maksady bilen, diplomatik hem-de gulluk pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak meselelerini bilelikde seretmegi teklip etdi. Baş sekretar bu ugurda gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi.

Söhbetdeşler sebitleýin hyzmatdaşlyk we edaralaýyn özara gatnaşyklar babatda Benilýuks Bileleşiginiň köpýyllyk tejribesini paýlaşmak mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Benilýuks tarapy howpsuzlyk, energetika, howa we ykdysadyýet ýaly ugurlarda toplanan tejribesini Merkezi Aziýa döwletleri bilen paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, ilçi Sapar Pälwanow 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki Peelbergen atçylyk sport merkezinde geçiriljek iri halkara atçylyk çäresi barada habar berip, Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretariatynyň wekillerini bu dabara çagyrdy.