Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Bu şanly baýram halkyňyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň aýdyň beýany bolup, şol bir wagtyň özünde, halkyň geljegini özbaşdak kesgitlemäge bolan ymtylyşynyň nyşanydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Respublikanyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş arzuw etdi.