Türkmenistan bilen Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
18 Awgust 2026
Türkmenistan bilen Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

17-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady — ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak.

Hususan-da, 2026-njy ýylyň 14-16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 16-njy mejlisine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça taslamalar barada hem pikir alşyldy.