Türkmenistan Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna we Halk Maslahatynyň mejlisine täze üstünlikler bilen barýar
19 Awgust 2026
Türkmenistan Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna we Halk Maslahatynyň mejlisine täze üstünlikler bilen barýar

Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine giň gerimli zähmet ýeňişleri we uly üstünlikler bilen barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden halk wekillerini bir ýere jemlejek bu umumymilli çäre diňe bir geçen ýola nazar aýlaman, eýsem, uzak möhletleýin geljek üçin wajyp wezipeleri kesgitlejek taryhy waka bolar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, forumy ýokary derejede guramak boýunça ýörite toparyň düzümi tassyklanyldy. Häzirki wagtda jemgyýetçilik guramalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ilat arasynda giň wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýle hem raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri hem-de ýüztutmalary deslapdan ara alyp maslahatlaşmak we hasaba almak boýunça işler yzygiderli geçirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösüşi görkezýär — şu ýylyň alty aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda köp sanly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap lukmançylyk hem-de bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyrynyň açylmagy we täze şäherçeleriň düýbüniň tutulmagy döwletimiziň kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde hem öz başlangyçlaryny barha berkidýär. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň 161 döwleti we 55 halkara gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak Kararnama parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýar.

Şanly baýramyň öňüsyrasynda Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň bäsleşigini geçirmek ýaly köp sanly dabaraly çäreler meýilleşdirilýär. Aşgabatda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa halk häkimiýetiniň we agzybirligiň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüler.