“CIET 2026” halkara maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy
20 Awgust 2026
“CIET 2026” halkara maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy

Şu ýylyň 3-5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “CIET 2026” halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklary hasaba alyş döwri başlandy.

“Innowasiýa. Maýa goýumlary. Ösüş” atly şygar astynda geçirilýän bu halkara çäre gurluşyk we binagärlik, senagat, energetika, himiýa önümçiligi, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek, akylly şäherler, sanlylaşdyrma hem-de emeli aň ýaly möhüm ugurlara ünsi çeker. Sergi we maslahat diňe bir innowasion taslamalary tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, netijeli G2B we B2B duşuşyklaryny geçirmek, maýa goýum gepleşikleri we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin hem ygtybarly meýdança bolup hyzmat eder.

Halkara kompaniýalary we daşary ýurtly maýadarlar üçin “CIET 2026” forumy Türkmenistanyň täze ykdysady ösüş meýilnamalary bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleri açýar.