Türkmen ahalteke bedewleri Ýewropada milli atçylyk sungatynyň belent derejesini görkezýär
05 Sentýabr 2026
Türkmen ahalteke bedewleri Ýewropada milli atçylyk sungatynyň belent derejesini görkezýär

Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki häzirki zaman «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilýän Dünýä çempionaty we Halkara gözellik bäsleşigi dowam edýär. Ýewropanyň iri atçylyk merkezleriniň birinde guralýan çärä dünýäniň 25 ýurdundan, şol sanda Gazagystandan we Özbegistandan gelen wekiller hem-de myhmanlar gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Abraýly ýaryşa Ýewropadan 100-den gowrak bedew getirildi. Olaryň arasynda Türkmenistandan alnyp barylan 30 sany ýokary derejeli ahalteke bedewi hem bar. Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda bir ýaşdan dört ýaşa çenli bedewler çykyş edýärler, soňra bolsa dört ýaşdan uly bedewler dünýäniň mutlak çempiony ady ugrunda güýç synanyşarlar.
Bäsleşigiň maksatnamasyna ahalteke bedewleriniň sergisi, manež sürüşi we päsgelçiliklerden böküş boýunça ýaryşlar girizildi. Eminler bedewleriň beden gurluşynyň sazlaşygyny, owadanlygyny we altynsow öwüşginli reňkini seljerip, dünýäniň iň owadan ahaltekesini kesgitlärler.
Çäräniň dowamynda bedewleriň milli bezeglerine hem uly ähmiýet berilýär. Türkmen ussalary tarapyndan elde taýýarlanan kümüş şaý-sepler, halyçalar we alajalar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hem-de asyrlardan gözbaş alýan atçylyk däplerini görkezýär.
Türkmenistanyň bedewleri halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, häzirki wagta çenli jemi alty baýrakly orny eýelediler. Iki ýaşly baýtallaryň arasynda Jeren Gözli birinji, Ak monjuk bolsa ikinji orna mynasyp boldy. Iki ýaşly aýgyrlaryň arasynda Meledag çempion adyny gazandy.
Üç ýaşly baýtallaryň arasynda Al ýanak bürünç medala eýe boldy. Şol ýaş toparyndaky aýgyrlaryň arasynda Güneş çempion diýlip yglan edildi, Gözbaş bolsa ikinji orny eýeledi. Şeýlelikde, türkmen ahaltekeleriniň halkara ýaryşdaky üstünlikleriniň sany alty baýraga ýetdi.
«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň «Maýa Delorez» meýdançasynda geçirilýän halkara gözellik bäsleşigi häzirki wagtda hem dowam edýär. Eminler bedewleriň tebigy gözelligine, tohum arassalygyna, beden gurluşynyň sazlaşygyna we milli bezeglerine baha bermek arkaly öňdebaryjylary kesgitlemegi dowam etdirýärler.
Halkara bäsleşik dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hünärmenleriň, atçylyk pudagynyň wekilleriniň we bedew söýüjileriniň üns merkezinde galýar. Çäre ahalteke bedewleriniň täsin gözelligini, baý medeni mirasyny hem-de dünýä derejesindäki gymmatyny nobatdaky gezek görkezýär.