Astrahan oblastynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada açyk sapak geçirildi
05 Sentýabr 2026
Astrahan oblastynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty barada açyk sapak geçirildi

4-nji sentýabrynda Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdepde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan açyk sapak geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny hem-de ýakynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirildi.

Açyk sapaga mekdebiň mugallymlary we mekdep okuwçylary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işjeň agzalary, şeýle hem Konsullygynyň diplomatlary gatnaşdylar.

Çäre tamamlanandan soňra myhmanlar mekdebiň muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar.