Gahryman Arkadagymyz Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna gatnaşdy we ýokary sylaga mynasyp boldy
07 Sentýabr 2026
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna gatnaşdy we ýokary sylaga mynasyp boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygyna iş saparyny amala aşyryp, ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň jemleýji çärelerine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyza «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýragy we kubogy gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Saparyň esasy maksady behişdi bedewleriň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak, dünýäniň atçylyk jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ilkinji gezek Ýewropada geçirilen bu iri halkara çäräniň netijelerini jemlemek boldy.

Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşan Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň dünýä medeniýetindäki ornuny, türkmen atşynaslyk sungatynyň baý mirasyny gorap saklamagyň we ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Mejlisiň dowamynda dürli ýurtlaryň wekilleri türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine bolan aýratyn söýgüsini we bu ugurda alnyp barylýan işleri ýokary derejede bahalandyryp, halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ahalteke atlarynyň diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy bolman, eýsem, halklary we ýurtlary birleşdirýän dostluk nyşanydygyny aýtdy. Ol dünýäde ilkinji gezek geçirilen ahalteke atlarynyň çempionatynyň atçylyk pudagynda täze hyzmatdaşlyklara ýol açjakdygyny belledi.

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden türkmen halkynyň Milli Lideriniň ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşan uly goşandyny aýratyn nygtap, Gahryman Arkadagymyza «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýragy we degişli kubogy gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyz bu sylagyň özüne däl-de, ilkinji nobatda türkmen halkyna, Türkmenistanyň dünýä meşhur ahalteke bedewlerine goýulýan hormatyň nyşanydygyny aýtdy.

Saparyň çäklerinde «Iň owadan bezelen at» bäsleşigi, halkara döredijilik bäsleşikleri, sergiler we medeni çäreler geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hünärmenler ahalteke bedewleriniň gözelligine, beden gurluşyna we aýratynlyklaryna baha berdiler.

Çempionatyň baş ýeňijisi Fransiýadan A.Martinesiň hojalygyna degişli Ýyndam atly gara reňkli bedew boldy. Ol «Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026» diýen ada eýe bolup, «Gran-pri» baýragy bilen sylaglanyldy. Şeýle hem dürli ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Türkmenistanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň atşynaslarynyň bedewleri baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Çäreleriň dowamynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny görkezýän sergiler hem guraldy. Onda ahalteke atlaryna degişli eserler, haly önümleri, zergärçilik işleri, milli lybaslar we türkmen medeniýetiniň beýleki nusgalary görkezildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary hem halkara çärä aýratyn öwüşgin berdi. Toparyň ussat çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Saparyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen çärelere gatnaşan myhmanlara minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Niderlandlara amala aşyran sapary we onuň dowamynda geçirilen çäreler ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratyny has-da artdyrmak, türkmen atçylyk sungatyny giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm tapgyry boldy.