7-nji sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar degişli çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk meselelerini we özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşyldy.
Ertesi gün Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek öňümizdäki mejlisleriň guramaçylyk we mazmun taýdan utgaşykly taýýarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.