Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän saz festiwalyna gatnaşýar
11 Sentýabr 2026
Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän saz festiwalyna gatnaşýar

Türkmen sazandalary sekizinji halkara Sinandali klassiki saz festiwalyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň düzümini Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň ýaş sazandalary birleşdirýär.

Orkestriň konsertmeýsteri hökmünde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy çykyş etdi.

Bu festiwal ýaş sazandalar üçin hünär taýdan ösmek we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek, şeýle hem häzirki zaman klassiki sazynyň görnükli wekilleri tarapyndan geçirilýän maslahatlary hem-de halypalyk mekdebiniň ussatlyk syrlaryny sapaklarynyň çäklerinde bilimlerini artdyrmak we döredijilik taýdan tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikler döreýär.

Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwlet Seýitmämmedow festiwalyň guramaçylary we türkmen sazandalary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Sinandali festiwalyna dürli ýurtlardan gelen sazandalary birleşdirýän bu halkara meýdança medeni gepleşikleriň we döredijilik hyzmatdaşlygyň ösmegine uly ýardam berýändigini belledi.

Ol festiwalyň işine mundan beýläk-de üstünlikleri, onuň gatnaşyjylaryna bolsa ylham-joşgun, ýatda galyjy çykyşlary hem-de täze döredijilikli üstünlikleri arzuw etdi.

Sinandali festiwaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly köpri bolup, saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşýan möhüm halkara medeni çäre hökmünde özüni görkezip gelýär.

Festiwal 2026-njy ýylyň 3 — 13-nji sentýabry aralygynda geçirilýär.