Aşgabatda innowasiýalar we sanly tehnologiýalar boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler
12 Sentýabr 2026
Aşgabatda innowasiýalar we sanly tehnologiýalar boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahata taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bellenilişi ýaly, sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek bu maslahatda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan özgertmeler, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň çäklerinde döwlet dolandyryş ulgamynda we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri, elektron hökümet ulgamyny kämilleşdirmek, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işlerini döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak hem-de halkara tejribäni öwrenmek ýaly ugurlara aýratyn üns berler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň innowasion ösüşine, pudaklara häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany wise-premýere ykdysady ösüşiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.