Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görülýär
12 Sentýabr 2026
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanyp, sentýabr aýynyň dowamynda dürli çäreler geçiriler. Olaryň hatarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar we beýleki medeni çäreler bar.

Baýramçylyk maksatnamasyna «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary hormatlamak dabaralary, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak çäreleri giriziler.

Şeýle hem Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyşy, baýramçylyk ýörişi, konsert maksatnamalary we beýleki köp sanly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.