Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Saparyň dowamynda daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen döwrebap mekdebiň, çagalar bagynyň, sport toplumynyň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we içerki-bezeg çözgütleri görkezildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerini häzirki zaman tejribesi bilen utgaşdyrmagyň, ýokary hilli gurluşyk hem-de bezeg serişdelerini ulanmagyň, ýanaşyk ýerleri toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şeýle-de çagalar baglarynda we mekdeplerde ýaş nesliň sazlaşykly ösüşine, watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, daşary ýurt dilleriniň, sanly tehnologiýalaryň hem-de sportuň ösdürilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we şäheriň häkimi Gülşat Mämmedowa bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, ähli desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk hem-de täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda şäherdäki sport desgalarynyň netijeli dolandyrylmagyna hem üns çekilip, «Arkadag» stadionynyň häzirki ýagdaýyna nägilelik bildirildi. Halk Maslahatyň Başlygy stadionyň degişli derejede saklanmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi we bu ugurda jogapkärçiligi güýçlendirmegi talap etdi.
Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadagyň ruhy metjidi» toplumynda gurulýan medresäniň taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy, talyplar üçin dörediljek şertler hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça maslahatlar berildi. Saparyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtap, jogapkärli ýolbaşçylara üstünlik arzuw etdi.