Serdar Berdimuhamedow bilen Li Çže Mýon türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
16 Sentýabr 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Li Çže Mýon türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

15-nji sentýabrda Ko­re­ýa döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Prezidentimiz 14-nji sent­ýabr­da döw­let sa­pa­ry bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na bar­dy.

Ir bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli gahrymanlarynyň ýa­dy­gär­li­gi­ne bar­dy. Bu ýer­de Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zü­lip­dir. Hor­mat­ly Prezidentimiz Ko­re­ýa­nyň milli gahrymanlaryny ha­ty­ra­lap, ýa­dy­gär­li­ge gül des­se­le­ri­ni goý­dy. Soň­ra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ko­reý hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­na hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de agaç bö­le­jik­le­ri­ni içi köz­li ýö­ri­te gu­ty­nyň içi­ne at­dy. Mu­nuň özi gel­jek ne­sil­le­riň aba­dan dur­mu­şy üçin şi­rin ja­ny­ny pi­da eden gahrymanlary ha­ty­ra­la­mak ýa­ly türk­men we ko­reý halk­la­ry­na mah­sus däp­le­riň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň be­ýa­ny bol­dy.

Ma­tam sa­zy ýaň­lan­ýar. Ko­re­ýa­nyň milli gahrymanlaryny ha­ty­ra­la­mak da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hor­mat­ly myh­man­lar ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Prezidentimiz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň «Çhon­wa­de» köş­gü­ne ta­rap ug­ra­dy. Köş­güň öňün­de milli ko­reý ly­ba­syn­da­ky har­by­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aw­tou­lag ker­we­ni­niň ýa­ny bi­len da­ba­ra­ly ýö­re­di­ler. Mu­nuň özi be­lent mer­te­be­li myh­ma­na go­ýul­ýan çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny­dyr. Bu ýer­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýon mä­hir­li gar­şy­la­dy. «Çhon­wa­de» köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentini res­mi gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Iki ýur­duň Prezidentleri bi­le­lik­de bel­le­nen ýe­re bar­ýar­lar. Soň­ra iki ýur­duň Döw­let se­na­la­ry ýaň­lan­dy. Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň ny­za­my­nyň öňün­den geç­ýär­ler we Ko­re­ýa­nyň Milli go­şu­ny­nyň baý­da­gy­ny sar­pa­la­ýar­lar. Prezidentler iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­ny gö­te­rip du­ran ça­ga­la­ry mü­bä­rek­le­ýär­ler.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Prezident Li Çže Mýon bol­sa ýur­du­my­zyň res­mi we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýar. We­ki­li­ýet­ler bi­len ta­nyş­lyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra, iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry «Çhon­wa­de» köş­gü­niň içi­ne gir­ýär­ler. Köş­güň eý­wa­nyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hor­mat­ly myh­man­lar ki­ta­by­na ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy. Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň­ra, hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň ara­syn­da iki­çäk du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Prezident Li Çže Mýon be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ça­ky­ly­gy ka­bul edip Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na ge­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de öza­ra hor­mat goý­mak we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýän ko­reý-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz döw­let sa­pa­ry bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na gel­mä­ge ça­ky­lyk üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, şu sa­pa­ryň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, türk­men hal­ky­nyň Milli Liderine mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Ko­re­ýa­nyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, ko­reý-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň ägirt uly go­şan­dy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ko­re­ýa ýur­du­my­zyň Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­tin­de mö­hüm hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär.

Soň­ra gep­le­şik­ler iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di.

Prezident Li Çže Mýon döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýe­ne-de bir ge­zek mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra dia­lo­gyň öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de hor­mat­ly Prezidentimiziň şu döw­let sa­pa­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny ala­mat­lan­dyr­jak­dy­gy­na, kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Ko­reý Lideri Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy se­riş­de­le­riň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan, yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly ýurt­du­gy­ny aý­dyp, Ko­re­ýa­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, giň möç­ber­li bi­le­lik­dä­ki taslamalaryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi di­ňe bir se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, iki döw­le­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne hem hyz­mat ed­ýär.

Ko­re­ýa­nyň Prezidenti müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň türk­men ba­za­ryn­da ne­ti­je­li iş­le­me­gi ba­bat­da dö­re­dil­ýän amat­ly şert­ler üçin hor­mat­ly Prezidentimize ho­şal­lyk bil­di­rip, öz ýur­du­nyň hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz döw­let sa­pa­ry bi­len gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­lyk hem-de bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Ko­re­ýa amala aşy­ran sa­pa­ry­nyň aý­ra­tyn orun eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­dyp, şol sa­pa­ryň iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan­dy­gy­ny, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň bu hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze ugur­lar bi­len has-da ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­ny, hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy­na ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, öz no­ba­tyn­da, Türk­me­nis­ta­nyň hem Ko­re­ýa­nyň dün­ýä gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň en­çe­me­si bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­na hor­mat goý­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len Kararnamalaryny he­mi­şe gol­dap çy­kyş et­di. Türk­me­nis­tan hem Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň bu ugur­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­na gol­daw ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len «2028-nji ýyl — Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­ny Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň gol­dan­dy­gy we onuň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek ýyl Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 35 ýyl dol­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň iki hal­kyň we döw­le­tiň ta­ry­hyn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li se­ne­di­gi­ni hem-de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, bu şan­ly se­nä­ni iki ýurt­da hem giň­den bel­le­me­gi, ony ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­dyr­ma­gy tek­lip et­di.

Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Ýur­du­myz ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň türk­men ba­za­ryn­da alyp bar­ýan işi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Ola­ryň gat­naş­ma­gyn­da stra­te­gik taý­dan äh­mi­ýet­li taslamalaryň bir­nä­çe­si dur­mu­şa ge­çi­ril­di we bu iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi­ni Ko­re­ýa­da ön­dü­ri­len aw­to­bus­la­ryň we ýe­ňil aw­tou­lag­la­ryň düz­ýän­di­gi­ni, gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny, Arkadag şä­he­rin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň tas­la­ma­sy­ny amala aşyr­ma­ga-da ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum, söw­da, ener­ge­ti­ka, se­na­gat, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, de­mir ýol ulag­la­ry, eme­li aň, ylym, teh­no­lo­gi­ýa­lar, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry­nyň alyp bar­ýan işi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, ulag ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki iş­ler üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Ýur­du­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­tin­de örän wa­jyp hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de üs­ta­şyr ulag, lo­gis­ti­ka üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň köp­şa­ha­ly ug­ru­ny dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bu taslamalara gat­naş­ma­gy­ny gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Türk­me­nis­tan yn­san­per­wer ul­gam­da-da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge äh­mi­ýet ber­ýär. Iki ýurt­da hem sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­me­giň uly tej­ri­be­si top­lan­dy. Öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri üs­tün­lik­li ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 16-njy sent­ýabr­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň no­bat­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, ýur­du­my­zyň giň ge­rim­li me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.

Ylym-bi­lim ul­ga­my hem hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Yl­my iş­ler, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar.

Hor­mat­ly Prezidentimiz sa­pa­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bol­sa iki döw­le­tiň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, türk­men ta­ra­py­nyň bu sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ge­çi­ri­len ne­ti­je­li gep­le­şik­ler, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­lu­gy we hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy üçin ko­reý ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Prezident Li Çže Mýo­ny gel­jek ýyl­da Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Ko­re­ýa­nyň hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di.

Soň­ra iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn resminamalary alyş­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Şol resminamalaryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ma­ýa go­ýum­la­ry hö­wes­len­dir­mek we go­ra­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da güm­rük me­se­le­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek we öza­ra ýar­dam ber­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk; «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Söw­da, se­na­gat we se­riş­de­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da we se­na­gat gur­lu­şy­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­wa, ener­ge­ti­ka we daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Gen­der deň­li­gi we maş­ga­la mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ýaş­lar ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik ba­bat­da äh­li­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýus­ti­si­ýa mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hu­kuk we ýus­ti­si­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ra­tu­ra­sy bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýo­ka­ry pro­ku­ra­tu­ra­sy­nyň ara­syn­da transmilli gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­re­ýa Güm­rük gul­lu­gy­nyň ara­syn­da ser­het­de in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik hu­ku­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­re­ýa Milli po­li­si­ýa agent­li­gi­niň ara­syn­da po­li­si­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýer, inf­rast­ruk­tu­ra we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da inf­rast­ruk­tu­ra ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýer, inf­rast­ruk­tu­ra we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da de­mir ýol ulag­la­ry ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­reý to­kaý gul­lu­gy­nyň ara­syn­da to­kaý­la­ry san­ly gör­nüş­de di­kelt­mek we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar.

Soň­ra hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hor­ma­ty­na Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň adyn­dan res­mi ka­bul ediş­lik gu­ral­dy.