Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde 16-njy sentýabrda Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Aziýa medeniýeti milli merkezinde geçirilen çärä Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, degişli edaralaryň wekilleri, sungat işgärleri hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Koreýa Respublikasyna sapar edýän türkmen wekiliýetiniň düzüminde medeniýet we sungat işgärleriniň hem bolmagy Türkmenistanyň dostlukly döwletler bilen gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini görkezýär. Medeniýet günleriniň geçirilmegi iki ýurduň halklarynyň arasynda özara hormata, ynanyşmaga we milli gymmatlyklara esaslanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Çäräniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet ministrlikleriniň we ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-koreý medeni gatnaşyklaryny ösdürmegiň, döredijilik alyş-çalyşlaryny giňeltmegiň hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar halkara festiwallaryň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň we medeni çäreleriň halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm orna eýedigini bellediler.
Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalara hem gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyş boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminamanyň iki ýurduň medeni merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna ýardam berjekdigi nygtaldy.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň dowamynda türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Şeýle hem milli amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan, muzeý gymmatlyklaryndan, suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň eserlerinden, milli lybaslardan ybarat sergi guraldy. Bu sergi koreýaly tomaşaçylara türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy we özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň medeni diplomatiýanyň üsti bilen dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürýändigini bellediler. Türkmen-koreý medeni gatnaşyklarynyň giňelmegi iki halkyň arasynda özara düşünişmegi we ynamy has-da berkitmäge hyzmat edýär.
Konsert maksatnamasynda aýdymçylaryň, sazandalaryň we tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Türkmen milli sazynyň, häzirki zaman aýdym-saz sungatynyň hem-de folklor däpleriniň utgaşdyrylan görnüşde görkezilmegi çärä aýratyn öwüşgin berdi.
Gadymy we häzirki zaman aýdym-saz eserleri, milli tanslar hem-de folklor çykyşlary koreýaly tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy iki ýurduň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna, döredijilik hyzmatdaşlygynyň giňelmegine we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine täze mümkinçilikleri açdy.