21-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerindäki ileri tutulýan garaýyşlaryna, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerine we ikitaraplaýyn dialogyň hem-de halkara meýdançalardaky hyzmatdaşlygyň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.