Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
01 Oktýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli HHR-yň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana tüýs ýürekden gutlag ýüzlenmesini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutany öz hatynda Hytaýyň döwrebaplaşmak ýolunda gazanýan üstünliklerine we özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ählumumy hyzmatdaşlyga goşýan uly goşantlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý bilen ynanyşmak we özara düşünişmek derejesini berkitmäge aýratyn üns berýändigi, iki ýurduň söwda-ykdysady, energetika, ulag we ynsanperwer ulgamlarda işjeň gatnaşyklary alyp barýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Gutlagynyň soňunda Döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk we täze üstünlikleri, dostlukly Hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.