«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy geçirildi
07 Oktýabr 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy geçirildi

7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy öz işine başlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA ýurtlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşýarlar.

Häzirki ählumumy şertlerde parahatçylygy we durmuş durnuklylygyny üpjün etmekde hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň orny möhüm ähmiýete eýe bolýar. Parahatçylyk söýüjilige, döredijilige we nesilleriň geljegi üçin çuňňur jogapkärçilige esaslanýan zenan mümkinçilikleri jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryndan oňyn özgertmeler üçin kuwwatly hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär.

Halkara tejribesi parahatçylyk döredijilik işine, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we strategik çözgütleri kabul etmäge zenanlaryň işjeň gatnaşmagynyň jemgyýetde sazlaşygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýändigini tassyklaýar. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibi boýunça Kararnamalarynyň durmuşa geçirilmegi uzak möhletli durnuklylygy gazanmaga çalyşýan köp döwletleriň milli syýasaty üçin esasy ugur görkezijileriň biri boldy.

Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlary hemmetaraplaýyn goldamak we olaryň kanuny hukuklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna çykaryldy. Ýurdumyz BMG-niň binýatlaýyn ýörelgelerine ygrarlydygyny yzygiderli görkezmek bilen, halkara standartlaryny milli kanunçylyga we häkimlik edaralarynyň işine ornaşdyrýar.