“Awaza” Kongresler merkezinde “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. GDA-da «Saglygy goraýyş ýylynyň» çäklerinde guralan bu abraýly foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ugurdaş düzümleriniň we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Maslahatda saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmegiň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy. Çykyş eden myhmanlar we wekiller Türkmenistanda amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna, öňüni alyş lukmançylygyna hem-de ýurtda döredilen döwrebap lukmançylyk infrastrukturasyna, şeýle hem çagalar haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işlerine ýokary baha berdiler.
Forumyň çäklerinde geçirilen mowzuklaýyn mejlislerde ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi we ulgamy sanlylaşdyrmak, derman serişdelerine elýeterlilik hem-de olaryň hilini kanunçylyk taýdan üpjün etmek, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmegiň durnuklylygy ýaly strategik meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň jemleri boýunça GDA giňişliginde we halkara derejede saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, parlamentara dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de durnukly ösüş maksatlaryny bilelikde durmuşa geçirmäge gönükdirilen netijeli maslahatlar hem-de teklipler işlenip taýýarlanyldy.