Türkmenistanyň Prezidenti halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi
10 Oktýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Döwlet Baştutany öz Gutlagynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän bu halkara çäreleriň tejribe alyşmakda, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem-de degişli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu özgertmeleriň esasy maksady döwrebap düzümleri döretmek, ilatyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuş şertlerini üpjün etmek, ylymly-bilimli nesli kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de köpçülikleýin sporty ösdürmek bolup durýar.

Gutlagda ýurduň ähli sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň, bilim merkezleriniň, stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň we sport meýdançalarynyň gurulmagynyň bu ulgamlaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenilýär. Döwlet Baştutany saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny ösdürmegiň anyk maksatnamalara we strategiýalara esaslanýandygyny aýtdy. Şol sanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek, ýurdy temmäkiden azat giňişlige öwürmek hem-de «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» ýörelgesini durmuşa geçirmek boýunça milli maksatnamalaryň kabul edilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň teklipleri esasynda ilatyň saglygyny goramak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman serişdelerini we saglyk maksatly önümleri dünýä bazaryna çykarmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtady. Sanly tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň we emeli aňyň lukmançylyk ulgamyna işjeň ornaşdyrylýan döwründe ynsanperwerlik ýörelgeleriniň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Döwlet Baştutany bilim ulgamynyň ösdürilmegine hem uly üns berilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda döwrebap enjamlar we interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim edaralarynyň sany artdyrylýar, öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Täze bilim toplumlarynyň, çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň gurlup ulanmaga berilmegi bu ugurdaky özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Şeýle hem Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalarynyň gurulýandygy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilýändigi we türgenler üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.