Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň 20 işgärini sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
09 Noýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň 20 işgärini sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Medala ýurdumyzyň 20 raýaty — oba hojalyk toplumynyň işgärleri mynasyp boldy: daýhan birleşikleriniň kärendeçileri hem-de mehanizatorlary, kärhanalaryň we önümçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle hem Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hususy önüm öndürijileri. Sylaglananlaryň arasynda maldarçylyk, guşçulyk, tokaý hojalygy, suw hojalygy, däne önümleri, pagta arassalaýyş we azyk senagaty pudaklarynyň wekilleri bar.

Permanda: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli» diýlip bellenilýär.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi