Türkmenistan we Hytaý BMG-de durnukly ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler
25 Noýabr 2026
Türkmenistan we Hytaý BMG-de durnukly ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynda 24-nji noýabrda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilelikdäki başlyklyk etmeginde Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Halkara duşuşyk Bütindünýä durnukly ulag gününe, şeýle-de BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň (2026–2035-nji ýyllar) ilkinji ýylynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanyp, bu ugurda ählumumy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýokary derejeli duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Nowid Hanif, BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletler we kiçi ada ösýän döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasynyň (UN-OHRLLS), BMG-Habitatyň wekilleri, BMG-ä agza döwletleriň hemişelik wekilleri, şeýle-de halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmegiň, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem-de ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridigi bellenildi. Gatnaşyjylar ulag ulgamynyň ykdysady ösüşi, sebitara arabaglanyşygy üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapy çykyşynda BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň maksatlaryny Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2024–2034-nji ýyllar üçin kabul edilen Awaza maksatnamasynyň ugurlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Bu babatda Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllarda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriň toparyna başlyklyk etjekdigi hem halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin möhüm mümkinçilik hökmünde görkezildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Awstriýanyň utgaşdyrmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ikinji komitetinde Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli kararnamanyň taslamasy boýunça gepleşikleriň üstünlikli tamamlanandygy hem bellenildi.

Ýokary derejeli mejlisiň çäklerinde Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň hataryna täze gatnaşyjylaryň goşulmagy hem möhüm wakalaryň biri boldy. Hususan-da, Mongoliýa we Efiopiýa toparyň agzalaryna goşuldy. Şeýle-de täze hyzmatdaşlar, Durnukly ulag boýunça innowasiýalar babatda Global Sustainable Transport Innovation Award halkara baýragy hem-de BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny goldamak boýunça meýletin borçnamalar tanyşdyryldy.

Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan taýýarlanan Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ýöriteleşdirilen web sahypasynyň işe girizilmegi boldy. Şeýle-de gatnaşyjylara Durnukly ulag atlasynyň nusgasy hödürlenip, onuň bu ugurdaky maglumat alyş-çalşygyny ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda 2027-nji ýyl üçin Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň Hereket meýilnamasyny taýýarlamak boýunça geljekki işleriň ugurlary hem kesgitlenildi. Döwletleriň we halkara hyzmatdaşlaryň teklipleriniň esasynda taýýarlanyljak bu meýilnama toparyň işini has-da netijeli guramaga, bilelikdäki başlangyçlary ösdürmäge gönükdiriler.

Şeýle-de häzirki BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň dowamynda Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ilkinji gezek Ikinji komitetde bilelikdäki beýannama bilen çykyş edendigi bellenildi. Bu waka toparyň halkara gün tertibindäki ornunyň barha ýokarlanýandygyny görkezýän möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli duşuşyk durnukly ulag ulgamynda döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam etdi. Duşuşygyň netijeleri BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, innowasion çözgütleri öňe sürmekde we ählumumy ulag ulgamynyň durnukly ösüşine gönükdirilen täze başlangyçlary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.