Aşgabatda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy
01 Sentýabr
Aşgabatda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan awtoulag ýolagçylaryna edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň paýtagtynda täze awtobus gatnawy ýola goýuldy.

128 belgili awtobusyň ýol gatnawy «Awtokombinat» duralgasyndan «Tehnologiýalar binasy» binasyna (Magtymguly we Taslama köçeleriniň aýlawy) çenli amala aşyrylar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň çäginiň giňelmegi bilen birnäçe täze awtobus gatnawlary ― 15, 46, 75, 77, 102, 103 we beýlekiler işe girizildi.

Awtobus gatnawlary ýolagçylara şäheriň täze gurlan ýerlerinden onuň merkezine hem-de has uzakdaky künjeklerine barmaga hyzmat edýär.

Şeýle hem