Aşgabatda taksi sargyt etmegiň täze hyzmaty bolan «Onlaýn taksi» ykjam goşundysy işe girizildi. Bu hyzmaty «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýola goýdy.
Ulanmak üçin ýönekeý hem-de düşnükli bolan ykjam goşundy arkaly taksini tiz sargyt edip bolýar. Şeýle-de «Onlaýn taksi» goşundysyny Google Play-dan tölegsiz ýükläp alyp bolýar.
Programmadan taksi sargyt eden mahalyňyz barmaly ýeriňiziň takyk salgysyny girizmelidir. Onda GPS ulgamy arkaly telefonuňyzyň ýerleşýän ýeri anyklaşdyrylýar, soňra bolsa şonuň esasynda programma sürüjä müşderiniň anyk nirededigi barada habar iberýär.
Müşderi sargyt eden ulagynyň gelendigi barada SMS habary arkaly maglumat alýar. Ýolagçy barmaly ýerine baran mahalynda hem onuň smartfonuna degişli gatnaw üçin tölegiň möçberini görkezýän SMS habary gelýär.
Ykjam goşundy müşderiniň ondan peýdalanmak bilen giden ähli ýerleriniň taryhyny özünde jemleýär. Mundan başga-da, goşundyda «Halaýan ýerlerim» funksiýasy bolup, ol iň köp barýan ýeriňiziň salgysyny girizmek üçin niýetlenendir.
Häzirki wagtda taksi gatnawynyň tölegini nagt hem-de bank karty arkaly sürüjiniň terminalyna töleg geçirmek bilen hasaplaşyp bolýar. Ýakyn wagtda bolsa tölegleriň onlaýn hasaplaşygyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.