Maý aýynda Türkmenistanda köp sanly döwlet derejesindäki baýramçylyklar belleniler
22 Aprel
Maý aýynda Türkmenistanda köp sanly döwlet derejesindäki baýramçylyklar belleniler

Aýyň dowamynda Oraza baýramy, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güniTürkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni we Soňky jaň dabarasy degişli medeni-köpçülik çäreleri bilen giňden dabaralandyrylar.

Däp bolşy ýaly, 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýmak dabarasy göz öňünde tutulýar.

18-nji maýda Konstitusiýa binasyna we Baş baýdak meýdançasyna gül desselerini goýmak dabarasy geçiriler. Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk mynasybetli çäreleriň giň toplumyny guramak meýilleşdirilýär.

29-njy maýda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda haly we haly önümleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Şol gün Türkmen halyşynyaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisi geçiriler we “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti guralar.

Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, 25-26-njy maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi geçiriler. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli 24-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň öňünde dabaraly konsert guralar.

25-nji maýda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada Aşgabat şäheriniň gününe we soňky jaň dabarasyna bagyşlanan konsertler geçiriler.
21–25-nji maý aralygynda ýurdumyzyň teatr ussatlary “Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň çäklerinde öz sahna eserlerini tomaşaçylara ýetirerler.

Şeýle hem