Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň awtobuslary ata Watanymyzyň garaşsyzlygyny wasp edýän ýazgylar bilen bezeldi. Ak reňkli awtobuslardaky açyk gök ýa-da açyk ýaşyl reňkli ýazgylar diňe bir uzakdan görünmän, eýsem olar baýramçylyk şowhunyny artdyrýar we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna reňk goşýar.
Şeýle-de agşam wagty, şäheriň dürli künjeklerinde gurnalan lazer proýektorlaryň üsti bilen paýtagtyň binalarynda dürli reňkdäki gutlag ýazgylary hem görkezilip, olar binalara aýratyn bezeg berýär.
1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etmek bilen, Türkmenistan öz taryhynda täze sahypa açdy. Garaşsyzlyk alnany bäri ýurdumyz uly depginler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda Türkmenistan durnukly syýasy ulgamy bolan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, ýurduň ykdysadyýeti yzygiderli ösýär.