Aşgabat şäherinde şäheriçi awtobus gatnawlaryna Türkmenistanyň teleradio işgärleri üçin gulluk awtobuslary goşular
13 Maý
Aşgabat şäherinde şäheriçi awtobus gatnawlaryna Türkmenistanyň teleradio işgärleri üçin gulluk awtobuslary goşular

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň işgärleri üçin täze awtobus ugurlaryny ýola goýdy.

Türkmenistanyň Döwlet teleradio düzüminiň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan ýokary amatlykly awtobuslary her gün 78-nji gatnaw ugry boýunça – Teleradioýaýlymlar merkezinden Köpetdag şaýoluna we ol ýerden yzyna hereket eder.

Gatnaw hyzmatyndan paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylary we myhmanlary peýdalanyp bilerler. Awtobuslar gatnaw üçin awtomatiki töleg geçirmek üçin stansionar walidatorlar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem