Aşgabatdaky Ýolagçy awtoulag kärhanasy

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
20 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde habar berlişi ýaly, şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmek meýilleşdirilýär. Ykdysady işleriň görnüşleriniň sanyny artdyrmak we pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler bilen baglylykda, geljekde-de önümçilik hem-de hyzmat ediş ulgamlarynyň täze kärhanalaryny döretmegi höweslendirmäge, amatly işewürlik gurşawyny kemala getirmäge, şeýle hem edara-kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutuldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin baş maliýe meýilnamasyny düzmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine hem ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüde gol çekdi.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak üçin görülýän taýýarlyk işleri hem mejlisiň gün tertibine girizildi.

Türkmenistanda 29-njy maýda Türkmen halysynyň baýramy belleniler. Şol gün haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan serginiň, türkmen halyçylyk sungatyna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiasiýasynyň maslahatynyň, halyçy gelin-gyzlary sylaglamak dabarasynyň hem-de medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyza 21 — 25-nji maýda “Türkmen teatr sungaty” festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berlip, onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky teatrlarda dürli sahna oýunlarynyň görkeziljekdigini, teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlarynyň geçiriljekdigi hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2021-2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasyny hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen hem tanyşdy.

Şeýle hem mejlisde nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran Kararyna laýyklykda döredilen Intellektual eýeçilik obýektlerini goramak ugry boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalary bilen geçirilen mejlisiň netijelerini jemläp, 2022-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 7,8 milliard manada deň bolandygyny nygtady. Pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we sebitleri durnukly ösdürip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan uly möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şu döwürde täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy.

Şeýle hem