Paýtagtyň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işine başlady
25 Maý
Paýtagtyň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işine başlady

25-nji maý Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenilýär. Bu gün baýramçylyk mynasybetli dürli medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, paýtagtyň gazananlaryna bagyşlanan köpugurly halkara sergi geçirilýär.

Üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde XXI «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady, oňa 80-den gowrak türkmen we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdylar.

Halkara gözden geçiriliş Aşgabadyň şähergurluşyk pudagynda gazanan üstünliklerini, şeýle hem türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen guraldy.

Sergi eksponatlarynda Aşgabadyň gözel keşbii, ykdysadyýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirildi

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda geçirilip, 26-njy maýda hem dowam eder.

Şeýle hem