Gazagystanda dizel ýangyjy daşary ýurtly raýatlaryň peýdalanmagy üçin gymmat bahadan satylar. Bu barada Mir24 habarlar saýtynda bellenilýär.
Bu meselede Gazagystanyň Energetika ministrligi dizel ýangyjynyň bahasyna tapawutly üýtgetmeleri girizmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa ilkinji nobatda üstaşyr geçjek halkara ýük gatnaw ulaglarynyň çykdajylary babatda görnetin täsirini ýetirmek bilen, ýurduň çäginden geçýän awtoulag üstaşyr ulag geçelgeleriniň harajatlaryny ýokarlandyrar.
Dizel ýangyjynyň bahasynyň gymmatlamagy bilen bagly ýola goýuljak çäreler dizel ýangyjynyň ýurtda ýetmezçilik etmeginiň öňüni almak bilen baglanyşykly girizilýär diýlip çeşmede beýan edilýär.
Mundan başga-da, habar berlişi ýaly häzirki wagta çenli bahasynyň arzan bolmagy sebäpli ýangyç we çalgy ýaglarynyň satuwy takmynan 120 000 tonna ýokarlandy. Şunuň bilen birlikde hem Gazagystanyň çägine her günde takmynan 4,5 müň awtoulagyň girýändigini we olaryň köpüsiniň daşary ýurt belgili awtoulaglardygyny bellemeli.