Türkmenistan teplowozlary satyn almak boýunça Hytaý kompaniýasy bilen  şertnama baglaşdy
09 Ýanwar
Türkmenistan teplowozlary satyn almak boýunça Hytaý kompaniýasy bilen  şertnama baglaşdy

Türkmenistan Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklarynyň 31 ýyllyk taryhynyň içinde iň iri şertnamalaryň birine gol çekdi.

Türkmen tarapy bilen Hytaýyň CRRC Ziyang kompaniýasynyň arasynda onlaýn görnüşde gol çekilen şertnama laýyklykda, türkmen tarapy umumy bahasy 30 million amerikan dollaryna barabar lokomotiwleri we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar. Bu barada kompaniýa Twitter hasabyndan habar berdi.

Şeýle hem «Dizel lokomotiwlerini eksport etmekde öňdebaryjy hökmünde CRRC Ziyang Türkmenistanda demir ýol ulaglary üçin iň uly enjam üpjün edijidir» diýilýär.

Şeýle hem