Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary
01 Iýun
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

1-nji iýunda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Saud Arabystany Patyşalygyna geldi. Jidda şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini Saud Arabystanynyň patyşasynyň geňeşçisi we Mekge welaýatynyň häkimi Halid al Feýsal garşylady diýip, Saud Arabystanynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Bu saparyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparydygyny bellemek gerek. Sapar 2-nji iýuna çenli dowam eder.

Şeýle hem