2023-nji ýylda ýükleri daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin daşaýjylaryň arzalary kabul edilýär
29 Iýul
2023-nji ýylda ýükleri daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin daşaýjylaryň arzalary kabul edilýär

«Türkmenawtoulaglary» agentligi 2023-nji ýylda awtoulag serişdelerinde ýükleri daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin Türkmenistanyň ýük daşaýjy kärhanalarynyň arzalaryny kabul edip başlady.

Bu babatda agentlik degişli işleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly umumy sanawlary işläp taýýarlar we türkmen ýük gatnadyjylaryna ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda daşary ýurtlaryň çäginde hereket etmäge mümkinçiligiň berilmegi üçin daşary ýurtlaryň degişli edaralaryna iberer.

Arzalar 20-nji awgusta çenli kabul edilýär. Has giňişleýin maglumatlary 39-03-34, 39-03-35, 39-03-36 telefon belgilerine jaň edip anyklap bilersiňiz.

Şeýle hem