Aşgabatda 75-nji belgili täze awtobus ugurlary işe girizildi
31 Oktýabr
Aşgabatda 75-nji belgili täze awtobus ugurlary işe girizildi

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 75-nji «Teke bazar - Büzmeýin» täze awtobus ugurlarynyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär:

  • 75-nji «Teke bazar - Büzmeýin» awtobus ugry “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar, A.Gowşudow köçe – Magtymguly şaýoly – A.Annaýew köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Senagat köçe bilen hereket edip, «Büzmeýin» belleniş nokadyna çenli barýar hem-de yzyna Senagat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – A.Annaýew köçe – Magtymguly şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91, 44-33-59/40

Şeýle hem