Türkmenistanda döwlet elektron hyzmatlarynyň guramaçylyk-hukuk ölçegleri we tehniki serişdeleri bilen bagly täze kanun — «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Bu Kanun «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda neşir edildi.
Elektron hökümet — kesgitlenilişine görä, maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy.
Bu Kanuna laýyklykda, ýurtda elektron döwlet hyzmatlarynyň maglumat we interaktiw ýaly iki görnüşi ýetiriler.
Maglumat döwlet hyzmaty — sargyt edijileriň maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen, döwlet edarasynyň işi baradaky maglumaty çap etmek we başga bir görnüşde ýaýratmak arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty.
Interaktiw döwlet hyzmaty — sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky iki taraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty.
Elektron döwlet hyzmatlary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda hasaba alynmalydyr.
Täze kanuna laýyklykda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada elektron resminama görnüşinde iberilen sargytnama kagyz görnüşinde iberilen sargytnama deňleşdirilýär. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä elektron resminama görnüşinde iberilýän jogap kagyz görnüşinde iberilen jogaba deňleşdirilýär we kada bolşy ýaly, elektron resminama görnüşinde bolmalydyr hem-de elektron döwlet hyzmatynyň dessurynda bellenen möhletlerde iberilmelidir.
Sargyt ediji şulara hukuklydyr:
1) elektron döwlet hyzmatlaryndan öz wagtynda we elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryna laýyklykda peýdalanmaga;
2) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi barada doly we ygtybarly maglumaty almaga;
3) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşy baradaky maglumaty özara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri (resmi web-saýt, telefon, elektron poçta, «gyssagly liniýa» we beýlekiler) arkaly almaga;
4) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň çözgütleri, olaryň wezipeli işgärleriniň hereketleri (hereketsizligi) barada tabynlygynyň tertibine görä ýokarda duran edaralara ýa-da wezipeli adamlara, ýa-da kazyýete bellenen tertipde şikaýat etmäge;
5) ses bermek, teklipleri ibermek ýa-da pikir soraşmagyň degişli nusgalaryny ýazyp doldurmak arkaly, elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha berilmegine gatnaşmaga;
6) elektron döwlet hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri girizmäge.
Şular elektron hökümetiň esasy wezipeleridir:
1) döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini, dessinligini we aýdyňlygyny üpjün etmek, olaryň jogapkärçiligini we ýerine ýetirijilik düzgün-nyzamlylygyny güýçlendirmek, ilat we telekeçiligiň subýektleri bilen ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmegiň goşmaça usullaryny döretmek;
2) Türkmenistanda elektron hökümetiň çygrynda döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklary amala aşyrmakda sargyt edijiler üçin mümkinçilikleri döretmek;
3) döwlet edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň çygrynda maglumat binýatlaryny, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyny hem-de elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny emele getirmek;
4) elektron resminama dolanyşygynyň, döwlet edaralarynyň maglumat binýatlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň we maglumatlary alyşmagyň tärlerini emele getirmegiň hasabyna ilat bilen özara gatnaşyklar amala aşyrylanda döwlet dolandyryş ulgamynda köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak;
5) telekeçiligiň subýektlerini, şol sanda statistiki hasabatlylygy bermegiň, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, ygtyýarnamalary, rugsatnamalary, sertifikatlary bermegiň, şeýle hem döwlet edaralaryndan maglumatlary almagyň barşynda elektron resminama dolanyşygyndan peýdalanmaga geçirmek;
6) telekeçiligiň subýektleri tarapyndan elektron täjirçiligiň, önümi ýerlemegiň ulgamlaryndan peýdalanylmagynyň we satyn alnyşyň bütindünýä Internet maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylmagynyň, şeýle hem hasaba almagyň, gözegçiligiň we jemagat hyzmatlary üçin tölegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň gerimini giňeltmek;
7) nagt däl elektron tölegler, döwlet tarapyndan satyn alnyşy amala aşyrmak, uzak aralykdan elýeterlilik ulgamlaryny we bank-maliýe ulgamynda işiň beýleki elektron görnüşlerini ösdürmek.
Elektron hökümetiň işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara, şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
Ýatlatsak, 23-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen täze kanunlary tassyklady.