Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Myhmanlaryň bu ýerde bolmagy demir ýol forumyna gatnaşyjylar üçin taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäginde ýaýbaňlandyryldy. Türkmen bedewiniň gözelligi şu günler Watanymyzda bolýan myhmanlary haýran galdyrdy. Ahalteke tohum atlary halkymyzyň ägirt uly baýlygy hem-de buýsanjydyr. Bedewleriň taryhy ençeme müňýyllyklardan gözbaş alýar. Türkmen seýisleri atlary kämilleşdirmek bilen, ýelden ýüwrük bedewleriň täsin aýratynlygyny aýawly saklap, toplanan tejribäni hem-de bilimleri nesillerden-nesillere geçiripdirler. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesiniň netijesidir. Atlar ähli döwürlerde türkmenleriň wepaly dosty we syrdaşy bolupdyr. Owadanlygy hem-de ýyndamlygy bilen tapawutlanýan bedewler ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Türkmen bedewlerini synlamak ýurdumyzda bolýan myhmanlaryň hem-de syýahatçylaryň iň uly arzuwydyr. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar hem ahalteke atlarynyň ýerine ýetirýän ajaýyp hereketlerini synlap, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewleriň gözelligine, gylyk-häsiýetine hem-de ýyndamlygyna ýokary baha berdiler.