Türkmenistanyň şu ýylyň birinji aýynyň içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy
18 Fewral
Türkmenistanyň şu ýylyň birinji aýynyň içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy

16-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň birinji aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 8,2 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 24,6 göterim ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem