Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ilertmek maksady bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
01 Mart
Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ilertmek maksady bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Şu gün 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýäniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesindäki ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşykly we netijeli häsiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen «Bir millet-iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esaslardaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem