«Brabus 930 S»: täze nusga 930 at güýjüne eýelik edýär
18 Mart
«Brabus 930 S»: täze nusga 930 at güýjüne eýelik edýär

«Brabus 930 S»: täze nusga 930 at güýjüne eýelik edýär

Germaniýanyň meşhur «Brabus» týuneri «Mercedes-AMG S63 E-Performance» awtoulagynyň täze nusgasynyň binýadynda öndüren «Brabus 930 S» sedanyny öndürdi. Adyndan hem görnüşi ýaly, onuň kuwwaty 930 at güýjüne barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ulagyň standart nusgasynyň kuwwaty 791 at güýjüne deňdir.

«Brabus» turbokompressorlaryň, täze işleýiş ulgamynyň we degişli sazlamalaryň üsti bilen «AMG V-8-iň» 4,0 litrlik hereketlendirijisiniň kuwwatyny 603-den 740 at güýjüne çenli artdyrdy. Yzky okda oturdylan 190 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi ulagyň umumy kuwwatynyň üstüni ýetirýär. «Brabus» täze ulagynyň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,2 sekuntda ýetip bilýändigini we çäkli ýokary tizliginiň sagatda 290 kilometre deňdigini mälim edýär. Bu ýerdäki geň aýratynlyklaryň ýene biri «Brabusyň» güýç gurluşynyň kepilliginiň 3 ýyl ýa-da 100 000 kilometre barabardygy bilen baglydyr.

Onuň içki we daşky ölçegleriniň hatarynda wizual üýtgeşmeleriň birnäçesi bar: uglerod süýümi we 22 dýuýmlyk monoblok tigirleri, ýokary hilli deri, mikrofiber we beýlekiler.

«Brabus» käbir sürüş düzgünlerindäki meseleleri kadalaşdyrmak maksady bilen asma üýtgetme girizdi we ulaga 265/35ZR22 ölçegdäki öňki hem-de 295/30ZR22 görkezijidäki yzky tekerler ýerleşdirdi. Awtoulagyň agramy — 2600 kg.

Awtomobiliň bahasy takmynan 441 000 dollar bolar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem