Türkmenistan Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy
15 Aprel
Türkmenistan Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Çeşmede bellenilmegine görä, hasabat döwründe Özbegistan türkmen bazaryna 552 sany gaz plitasyny eksport edipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtdan gaz plitalaryny satyn almakda bäşinji orny eýeledi. Türkmenistan bilen bir hatarda, ilkinji bäşlikde Gazagystanyň (5,4 müň sany), Täjigistanyň (1,5 müň sany), Gyrgyzystanyň (851 sany) we Russiýanyň (723 sany) ady bar.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal şu ýylyň iki aýynda Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen baran daşary ýurtlularyň 70 göterimden gowragynyň türkmenistanlylar bolandygyny habar beripdik.

Çeşme: «Turkmenportal»

Şeýle hem