ABŞ-dan hem öňe geçen Hytaý awtoulag satmak boýunça dünýä reýtinginiň başyny çekýär
20 Aprel
ABŞ-dan hem öňe geçen Hytaý awtoulag satmak boýunça dünýä reýtinginiň başyny çekýär

Mart aýynda dünýäniň awtoulag bazarynda satylan ýeňil we täjirçilik ulaglarynyň sany 8,026 million birlige deň bolup, munuň özi bir ýyl ozalkydan 1,9% köpdür. «GlobalData» tarapyndan geçirilen barlag-derňew işleri birinji çärýekde satuwyň 4,4% ýokarlanyp, 20,762 million birlige ýetendigini tassyklady. Hytaý mart aýynda 2,154 million ulagy ýerlemek bilen, awtoulag satuwy boýunça reýtingiň birinji basgançagynda ýerleşdi. Bu bolsa bir ýyl ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende, 5,2% artykdyr. Ýeri gelende bellesek, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu ugurdaky reýtingiň liderligini fewralda Täze ýyl baýramyny bellän Hytaýdan almagy başarypdy. Mart aýynda bolsa ABŞ-da 1,437 million awtoulag satylyp, 5,5 göterim ösüş gazanyldy. Mart aýynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda satuw 1 million 454 müň awtoulaga (−1%) ýeten bolsa, Gündogar Ýewropada 21% ýokarlanyp, 404,8 müň birlik boldy. Russiýada, Ukrainada we Türkiýede bolsa satuwyň artandygy habar berildi. Günorta Amerikada 200 müň awtoulag satylyp, bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 10,7% azdyr. Şeýle hem Ýaponiýanyň (448 müň birlik, -21%), Kanadanyň (158,8 müň birlik, + 7,2%) we Günorta Koreýanyň (143,4 müň birlik, -12,1%) netijeleri aýan edildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem