«Toyota» «V6» hereketlendirijisinde ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, ABŞ-da uly gabaraly «Toyota Tundra» we «Lexus LX» ulaglaryny yzyna ýygnaýar: onuň hereketlendirijisi hatardan çykyp biler.
Kompaniýa munuň näme sebäpden bolup geçýändigini heniz bilenok: hünärmenler gurnama wagtynda mehaniki galyndylaryň böleklerden aýrylmandygyna ynanýarlar — munuň özi usulyýetiň näsazlygyna we güýjüň ýitmegine sebäp bolýar. Iň uly mesele bolsa hereketlendirijiniň döwülmek mümkinçiligi bilen baglydyr. Kompaniýa eýýäm eýelerine tabşyrylmaly 83 awtoulagyň satuwyny hem togtatdy.
Umuman alanyňda, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda öndürilen 100 müňden gowrak ýolsuz ýerde hereket edýän ulag yzyna gaýtarylyp alyndy: olaryň 98,6 müňüsi «Toyota Tundra», 3,5 müňüsi bolsa «Lexus LX».
Russiýada 4000 töweregi «Toyota Land Cruiser 300» we «Lexus LX» ulaglarynyň geçiriji gutusynyň näsazlygy sebäpli, yzyna ýygnalyp alnandygyny ýatladýarys.