Aşgabatda geçirilýän sergide ulag-logistikada gazanylanlar hem tanyşdyrylýar
18 Mart 2026
Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 17-nji martda öz işine başlan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli sergide hususy pudagyň wekilleriniň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryndaky ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklary şöhlelendirilýär.
Ýokary derejede guralan sergide ulag-logistika pudagynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyrylýar. “Hazar logistik”, “Ulagly” ýaly kompaniýalar üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýärler. Hususy ýük daşaýjylaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän wajyp üstaşyr ulag merkez hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny açyp görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl ýurdumyzda Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary - Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler. Bu döwrebap ýoluň gurluşygynda türkmen telekeçileri uly hyzmatlary bitirdiler.
Gürrüňi edilýän serginiň çäklerinde, şu gün «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler.
Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar. Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
şeýle hem okaň: