Daşary işler ministrliginde Belgiýa Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
31 Mart 2026
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk geçirildi. 30-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşlikde syýasy-diplomatik dialogy, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenilip, şunda Belgiýanyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm orny nygtaldy.
Halkara meýdançalardaky, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady ugra-da aýratyn ähmiýet berip, taraplar işewür toparlaryň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
şeýle hem okaň: