Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri ýük daşamalaryň möçberini artdyrmagy maslahatlaşdylar
04 Aprel 2026
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri ýük daşamalaryň möçberini artdyrmagy maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Bakuwda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen “Azerbaýjanyň demir ýollary” ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamowyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düýbüni çuňlaşdyryş işleri arkaly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak hem-de port arkaly ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy habar berdi. Türkmen wekiliýetine Baku portunyň ösüşi, şol sanda onuň Azerbaýjanyň demir ýol ulgamy bilen integrasiýa edilenden soň durmuşa geçirilen taslamalar barada maglumatlar berildi. Portuň Hazarüsti geçelgesi boýunça multimodal daşamalary üpjün etmekdäki strategik ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Duşuşykda taraplar iki ýurduň demir ýol düzümleriniň we deňiz portlarynyň arasyndaky utgaşyklylygy güýçlendirmek maksady bilen sanly maglumat alyş-çalşygyny ornaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Hazarüsti geçelgesiniň we Ýewraziýa ulag ugrunyň ösüşiniň çäklerinde multimodal daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, Gündogar – Günbatar – Gündogar ugrunda ýük daşalmagyny artdyrmak meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.