Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady
07 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji aprelde watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

“Bütindünýä saglyk güni jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.

“Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwrebap obadyr şäherçeleri, häzirki zaman senagat toplumlaryny gurmak bilen, döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlaryna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.