Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.
Welaýatlarda pile öndürmek möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkimler Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini bellemek bilen, olary yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.