TKAMM-iň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” sagaldyş merkeziniň mejlisler zalynda 2026-njy ýylyň mart aýynyň 30-y aprel aýynyň 4-i aralagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň, Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklary, gaznaçylary, derňew toparynyň agzalary we Geňeşiň agzalary bilen “Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda kärdeşler arkalaşyklarynyň mynasyp orny” atly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde ilkinji guramalarda işleri gurnamagyň we dolandyrmagyň usullaryna, degişli resminamalaryň ýöredilişine aýratyn üns berildi. Hünärmenler tarapyndan "Türkmenistanyň zähmet kodeksi" we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary barada okuw sapaklary geçirilip, gündelik işlerde ýüze çykýan soraglar boýunça giňişleýin maslahatlar berildi.
Maliýe we derňew işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Gatnaşyjylar maliýe serişdelerini ulanmagyň tertibi we derňew toparynyň işiniň aýratynlyklary barada sowal-jogap alyşdylar. Bu okuwlar guramanyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirildi.
Çäreleriň dowamynda habar beriş serişdeleri üçin ýörite çykyşlar we interwýular taýýarlanyp, tegelek stoluň başynda gyzykly söhbetdeşlikler ýazgy edildi. Gatnaşyjylar kärdeşler arkalaşyklarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada özara tejribe alyşdylar.
Okuw maslahaty diňe bir nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem baý medeni-sport maksatnamasyna hem eýe boldy. Gatnaşyjylar üçin "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagyna syýahatlar guraldy, şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş we medeni-köpçülik çäreleri geçirildi. Bu bolsa işgärleriň netijeli dynç almagyna we özara gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam etdi.