Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berdi
09 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji aprelde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, halk köpçüligi bar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, täze, döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň, senagat desgalarynyň, önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy.

Bu günki düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede-de ähli amatly şertler dörediler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder.

Soňra Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler. Olar täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça gurluşygyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi we bu ýazgy ýerleşdirilen gutujygy täze şäherçäniň binýadyna atdy. Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, il sylagly ýaşulular hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy.